Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy

  • 22.09.2025 18:31
  • 8.1k+

Samsung kompaniýasy resmi taýdan Galaxy A17 4G smartfonyny hödürledi. Ol köp babatda Galaxy A17 5G modelini gaýtalaýar, ýöne arzan – Ýewropada baha 199 ýewrodan başlaýar.

Täze smartfonda esasy üns köp modeller üçin adaty parametrlere gönükdirildi: uly displeý, sygymly batareýa we döwrebap kamera toplumy. Smartfon durulygy 2340×1080 piksel we täzelenme ýygylygy 90 Gs bolan 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranyna eýe boldy. Ekranyň çyzylmagyndan Corning Gorilla Glass Victus+ aýnasy goraýar.
Galaxy A17 4G-niň ölçegi 164,4×77,9×7,5 mm, agramy – 190 g.
13 Mp bolan frontal kamera damja görnüşinde tertipli ýerleşdirildi. Esasy ulgam üç moduldan ybarat: awtofokus we optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp esasy, 5 Mp ultra giňburçly we 2 Mp makrokamera.
Öndürijilige sekiz ýadroly MediaTek Helio G99 prosessory jogap berýär. Alyjylar üçin 4 GB operatiw we 128 GB hemişelik ýatly ýa-da 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýalar hödürlenýär. 5000 mA/sag sygymly akkumulýator USB Type-C porty arkaly 25 Wt çenli kuwwatly zarýady goldaýar.
Smartfon Wi-Fi we Bluetooth 5.3 modullaryna, gapdal barmak skanerine we IP54 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy. Ol OneUI 7 bilen Android 15-iň dolandyrmagynda işleýär. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...