Pikassonyň ylham çeşmesi bolan zenanyň portreti auksionda 11-14 mln dollara satylar

  • 22.09.2025 17:45
  • 4.5k+

Pablo Pikassonyň “Buste de femme” suraty Gonkongda Christie’s auksionynyň esasy harydy bolar. Bu suratda onuň ylham çeşmesi bolan Dora Maar şekillendirilýär. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, sungat eseri 11-14 mln dollara satylyp bilner diýlip, auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.

Surat 1944-nji ýylda, Parižde nemes agalygynyň tamamlanan döwri döredildi. Onda Pikassony birnäçe meşhur eserlerini döretmäge ruhlandyran söýgülisi – suratkeş-sýurrealist we fotosuratçy Dora Maar şekillendirilen.
Bilermenler onuň soňky ýyllarda auksionlarda peýda bolan Dora Maaryň iň uly we möhüm portretleriniň biridigini belleýär. 25 ýyldan gowrak wagt surat şahsy kolleksiýada saklandy we häzir ýene sungat bazaryna gaýdyp geldi.
XX we XXI asyrlaryň sungat eserleriniň auksiony 26-njy sentýabrda geçiriler we Gonkongda Christie’s-iň güýzki möwsüminiň başlangyjy bolar. 

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......