Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar

  • 22.09.2025 00:31
  • 5k+

BookRetreats syýahatçylyk gullugy bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawyny çap etdi. TimeOut neşiriniň habar bermegine görä, sanawda Lissabon birinji orunda durýar.

Hünärmenler “Dynç alyşda bagtyň indeksi” düzülende dünýäniň 47 şäherine bäş ölçeg: Gün şöhlesiniň mukdary, ukynyň hili, sagdyn iýmitiň bolmagy, tebigata golaýlyk we beden maşklary üçin şertleriň bolmagy esasynda baha berdiler.
Portugaliýanyň paýtagty faktorlaryň utgaşmasynyň netijesinde birinji ýeri eýeledi. Şäherde köp sanly sagdyn iýmitli restoranlar bar, şäher ykjam we gezelenç üçin amatly, daglyk ýerleri fiziki taýdan işjeň bolmaga höweslendirýär. Goşmaça artykmaçlygy köp sanly ýaşyl zolaklary öz içine almagydyr, olar Madriddäkiden dört esse köp we ýylda 2828 sagat güneşli bolýar.
Ikinji orunda Finlýandiýanyň Helsinki şäheri durýar. Bilermenler "tokaý ýollaryna bökdençsiz akýan köp sanly seýilgähleri we bagýodalary bar, olar ýuwaşlyk bilen tokaý ýodalaryna sepleşip gidýär", şeýle hem "durmuşyň depgini rahat" diýip bellediler.
Şeýle hem, ilkinji bäşlige Orlando (ABŞ), Afiny (Gresiýa) we Edinburg (Şotlandiýa) girdi.
Ondan öň, iýun aýynda The Economist žurnaly ýaşamaga iň amatly şäherleriň ýyllyk sanawyny neşir edipdi. Şonda Kopengagen birinji ýeri eýeläp, Wenany ikinji ýere süýşüripdi.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......