Ösümliklere ýiti ýagtylyk bolmazdan ösmäge mümkinçilik berýän madda tapyldy

  • 21.09.2025 21:07
  • 2k+

Miçigan döwlet uniwersitetinden alymlar ösümliklere ýagtylygyň pes bolan şertlerinde-de ösmäge mümkinçilik berýän ozal näbelli mehanizmi tapdy. Ylmy gözlegiň netijeleri Nature Communications žurnalynda neşir edildi.

Işe ýolbaşçylyk eden professor Erih Grotwoldyň aýtmagyna görä, bu açyş artykmaç ýagtylygy has ýeňil geçirip, ýagtylyk energiýasyny netijeli ulanjak ekinleri ösdürmäge kömek edip biler.
Adatça, ösümliklere ösmek we ýaşamak üçin ýagtylyk zerur, ýöne käwagt onuň aşa köp bolmagy, tersine, zyýan ýetirýär. Ultrabenewşeden goranmak üçin ösümlik aýratyn molekulalary – flawanoidleri we pigmentleri bölüp çykarýar. Ylmy gözlegçiler bu maddalary ünsli öwrenip başlady.
Topar arabidopsis ösümliginiň mutant görnüşlerine ünsi gönükdirdi. Olarda flawanoidleri bölüp çykarmaga jogap berýän fermentleriň biri ýokdy. Bu hem öýjüklerde naringenin-halkon (NGC) atly birleşmäniň ýygnanmagyna sebäp boldy. Şeýle ösümlikler adaty görnüşlerden tapawutlylykda bellibir ýagtylykda gowşak ösýärdi.
Munuň näme sebäpden şeýledigine düşünmek üçin alymlar arabidopsisiň müňlerçe mutasiýasyny döredip, ultrabenewşä duýgur bolan belok – UVR8 geni üýtgän ösümliklerde ösüşiň kemçiliksizdigine göz ýetirdi. Goşmaça tejribeler NGC-niň UVR8 bilen aragatnaşyk saklaýandygyny we onuň işini üýtgedýändigini görkezdi. Adatça, UVR8 geni ösümlik ultrabenewşe alan ýagdaýynda işläp başlaýar we gorag signallarynyň zynjyryny işe girizýär. Ýöne häzirki ýagdaýda NGC ultrabenewşe pes bolan ýagdaýynda-da nähilidir bir ýol bilen UVR8-i ösüş signallaryny işjeňleşdirmäge mejbur edýär.
Bu açyş ösümlikleriň ösüşini diňe bir ýagtylyk bilen däl, eýsem içki molekulalar bilen dolandyryp boljakdygyny görkezýär.
Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Nan Szýan NGC-niň maddalaryň alyş-çalşygynyň aralyk önümi bolup, UVR8 belogynyň işine gönüden-göni täsir etmäge ukyplydygyny belledi. Geljekde bu açyş ýaramaz şertlere çydamly we garaňkylykda ösmäge ukyply ekinleri döretmek üçin esas bolup biler.


düýn 10:01
3.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......