Halkara syýahatçylygy ösýär: ýarym ýylda takmynan 690 million syýahat saparlary amala aşyryldy

  • 18.09.2025 13:59
  • 8.6k+

BMG-niň ýanyndaky Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UN Tourism) tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda syýahat maksatly gezelençleriň sany takmynan 690 milliona ýetip, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% artdy. Bu goşmaça 33 million syýahat gezelenji bolup, halkara syýahatçylygynyň pandemiýadan soň dikelýändigini aňladýar.

UN Tourism-iň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda halkara syýahatlaryň sany COVID-den öňki derejesinden takmynan 4% ýokary boldy.
Syýahatçylygyň iň uly ösüşi yklymda syýahatçylaryň akymyny 12% ýokarlandyran Afrikada hasaba alyndy. Demirgazyk Afrikada syýahatçylyk akymy 14%, Saharanyň günortasyndaky ýurtlarda bolsa 11% artdy.
Ýewropa takmynan 340 million syýahatçyny garşy aldy, bu 2024-nji ýylyň birinji ýarymyna garanyňda 4% köp we 2019-njy ýyldakydan 7% ýokary. Ýewropa ugurlarynyň arasynda Fransiýa we Ispaniýa iň meşhur bolup, syýahatçylaryň sany 5% artdy. Merkezi we Gündogar Ýewropada ösüş hasam göze ilip, + 9% boldy, ýöne şonda-da syýahatçylaryň gelişi 2019-njy ýyldakydan 11% pesdir.
Amerika + 3% bilen aram ösüşi gökerdi, ýöne paýlanyşy deň däldi. Günorta Amerikada syýahatlaryň sany 14% ýokarlandy, Merkezi Amerikada bolsa 2% ýokarlandy, ABŞ-a we Kanada syýahatçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli Demirgazyk Amerikada ösüş bolmady. ABŞ-ly syýahatçylaryň isleginiň azalmagy sebäpli Karib deňzinde syýahatçylyk akymy azaldy.
Ýakyn Gündogarda halkara syýahatçylyk gezelençleri 4% pese gaçdy, ýöne 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 29% ýokarlandy, bu bolsa ähli sebitleriň arasynda iň ýokary görkeziji boldy.
Aziýa-Ýuwaş umman sebiti çalt dikelmegini dowam etdirýär. Bu ýerde  syýahatçylygyň ösüşi 11% boldy we pandemiýadan öňki döwürden bäri 92% -e ýetdi. Aýratyn güýçli ösüş Demirgazyk-Gündogar Aziýada boldy, bu ýerde syýahatçylyk 20% ýokarlandy.


10.05.2026 22:08
8.1k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......