FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär

  • 18.09.2025 13:49
  • 5.8k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler.
2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň netijesi boýunça FIFA 209 mln dollary alty konfederasiýa girýän 51 milli assosiasiýadan 440 klubuň arasynda paýlady.
Bu töleg ulgamy 2023-nji ýylda FIFA bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ähtnama esaslanýar.

“2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin FIFA-nyň klub tölegleriniň programmasynyň giňeldilen görnüşi – bu öňe tarap ýene bir ädim bolup, dünýädäki köp klublaryň we oýunçylaryň hem saýlama, hem final ýaryşlarynyň geçirilmegine goşýan ägirt maliýe goşandyny ykrar edýär” – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino aýtdy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek 48 ýygyndy gatnaşar.


şu gün 13:51
2.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......