"Ahal" FK AFC-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda myhmançylykda 3 utuk gazandy

  • 17.09.2025 17:40
  • 12k+

16-njy sentýabrda AFC-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» futbol kluby myhmançylykda toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyna garşy meýdança çykyp, bu topary 1:0 hasap bilen ýeňmegi başardy. Oýnuň ýeke-täk goluny 83-nji minutda Enwer Annaýew geçirdi.

Duşuşygyň ilkinji minutlarynda ýer eýeleri «Mohun Bagan» topary oýnuň gidişini öz ellerinde saklamaga synanyşsa-da, «Ahalyň» futbolçylary muňa ýol bermedi. Ilkinji minutlardan başlap, «Ahal» topary sowukganlylyk bilen oýnuň dowamynda topa doly erk etmegi başardylar. Oýnuň tutuş dowamynda derwezelere depilen garşylykly toplaryň hiç biri hasaby artdyrmaga ýetmedi.
Şeýlelik bilen, «Ahal» futbol kluby toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji 3 utugyny almagy başardy. 
«Ahal» futbol kluby bu çempionatdaky indiki duşuşygyny 30-njy sentýabrda “Arkadag” stadionynda “Al Hussein” toparyna garşy geçirer. 


düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.7k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......