Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi

  • 16.09.2025 20:02
  • 6.4k+

The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy.

14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy. Onuň üçin bu üç dürli agram derejesinde üçünji absolýut çempion ady boldy. 37 ýaşly türgen karýerasyndaky 42 söweşiň ählisinde ýeňiş gazandy.
The Ring-iň täzelenen reýtinginde Krouford super agyr agramda absolýut dünýä çempiony, ukrainaly Aleksandr Usikden öňe geçdi. Üçünji orunda ikinji iň ýeňil agramda (55,22 kg çenli) absolýut çempion, ýaponiýaly Naoýa Inoue ýerleşýär. Dördünji we bäşinji orunlary ozal ýarym agyr agramda (79,37 kg çenli) absolýut çempion titullaryna eýeçilik eden Dmitriý Biwol we Artur Beterbiýew eýeleýär.
Krouford bilen Alwaresiň söweşi XXI asyrda erkekleriň arasynda iň köp tomaşa edilen çempionlyk söweşi boldy. Netflix-iň maglumatlaryna görä, oňa ABŞ, Meksika, Beýik Britaniýa, Argentina, Awstraliýa, Kanada, Irlandiýa we Filippinler ýaly 30 ýurtda 41,4 million adam tomaşa etdi. Göni ýaýlymda söweşe 20 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.
Zenanlaryň çempionlyk söweşleriniň arasynda rekordy 2024-nji ýylyň noýabrynda Keti Teýlor bilen Amanda Serrano goýdy – olaryň söweşine 74 million adam tomaşa etdi. Iň meşhur söweş bloger Jeýk Pol bilen Maýk Taýsonyň arasyndaky söweş bolup galýar – söweşiň çempionlyk däldigine garamazdan, oňa 108 million adam tomaşa etdi.
Şeýle-de, Krouford bilen Kanelonyň söweşi ýapyk binadaky tomaşaçylaryň sany boýunça ABŞ-nyň boks taryhynda ikinji orny eýeledi. Guramaçylar şol gün aşgam 70 482 adamyň gatnaşandygyny habar berdi. Bu rekord eýesiniň – Alwares bilen Billi Jo Sondersiň söweşinden (73 126 tomaşaçy) az, ýöne mundan öň ikinji orny eýelän Mohammed Ali bilen Leon Spinksiň arasyndaky rewanş söweşinden (63 352) ep-esli köpdür.
Görkezijiler şol gün agşam binada bolan ähli adamlary, şol sanda işgärleri, goragçylary, boksçylary we guramaçylary öz içine alýar.


30.05.2026 08:45
8k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....