Krouford meksikaly Kanelodan üstün çykyp, üç agram derejesinde ilkinji absolýut çempion boldy

  • 14.09.2025 15:37
  • 8.5k+

14-nji sentýabrda Las-Wegasdaky Allegiant Stadium arenasynda (Newada ştaty, ABŞ) professional boks agşamy geçirildi. Ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) jedelsiz dünýä çempiony tituly ugrunda bolan esasy söweşde meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Krouford duşuşdy.

Söweş 12 raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde Kroufordyň ýeňmegi bilen tamamlandy – 116:112, 115:113, 115:113. Bu ýeňiş oňa absolýut dünýä çempiony adyny getirdi.
Bad Kanelo degişli bolan WBC-niň, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) wersiýalary boýunça çempion titullaryna eýe boldy.  
Krouford üçin bu häzirki agramda ilkinji çykyşy boldy. Ol häzirki döwürde üç dürli agram derejesinde absolýut çempion bolmagy başaran ilkinji boksçy hökmünde taryha girdi.
Ozal Krouford birinji ýarym orta (63,50 kg çenli) we ýarym orta agramlarda (66,67 kg çenli) absolýut dünýä çempiony bolupdy.
37 ýaşly Krouford ýeňilmän galýar. Alwares bilen söweşde gazanylan ýeňiş onuň üçin professional karýerasynda 42-nji boldy.
35 ýaşly Saul Alwares karýerasynda üçünji ýeňlişine sezewar boldy, şeýle-de onuň hasabynda 63 ýeňiş we iki deňme-deňlik bar.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....