Koreýanyň ilçihanasy türkmen raýatlary üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi

  • 16.09.2025 19:09
  • 8.7k+

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawr maksatnamasyna iki orun berilýär. Bu barada ORIENT agentligi Koreýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlaryna salgylanyp habar berdi.

Hödürlenýän orunlaryň biri esasy GKS maksatnamasy boýunça, beýlekisi sebit R-GKS maksatnamasy boýunça.
Resminamalar diňe onlaýn görnüşde 2025-nji ýylyň 15–30-njy sentýabry aralygynda (Koreýa wagty boýunça, GMT+9) resmi web sahypada kabul edilýär: www.studyinkorea.go.kr.
Saýlap almak iki tapgyrdan ybarat. Birinji tapgyryň netijeleri 10-njy oktýabrdan soň yglan ediler, şondan soň saýlanan dalaşgärler bilen aýratyn söhbetdeşlik geçiriler.
Ilçihana gatnaşyjylara maksatnamanyň resmi gollanmasyny we resmi web sahypadaky ýygy-ýygydan berilýän soraglar bölümini öňünden ünsli öwrenmegi maslahat berýär.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......