Toyota Corolla-nyň iň ekstremal görnüşini taýýarlaýar: täze superhetçbegiň suratlary

  • 15.09.2025 12:01
  • 7.9k+

Toyota GR Corolla hot-hetçiň has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Onlaýn görnüşde, megerem, dilerler üçin ýapyk görkezilişde ýazga alnan görkezme nusgasynyň suratlary we wideolary peýda boldy diýip, Carscoops habar berýär.

Modeliň doly görnüşdäki ilkinji görkezilişiniň ýylyň ahyrynda bolmagyna garaşylýar.
Täze modifikasiýa kompaniýanyň adaty GRMN adyny alar. Çap edilen materiallardan çen tutsaň, awtoulag adaty GR Corolla-dan ep-esli tapawutlanýar. Onda "örküçli" we howa çalşyjy deşikli täze kapot, ganatlarda howa girişleri, täzeden işlenip düzülen teker diskleri we uly antikrylo bar. Neşiriň maglumatlaryna görä, käbir elementleri karbondan ýasalan.
Salonynda guýma şekilli oturgyçlary we täzelenen bezeg bar. Çap edilen wideoýazgyda awtoulagyň mehaniki geçiriş gutusy bilen üpjün edilendigi görünýär.
Tehniki jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. GR Corolla-yň esasy wersiýasy kuwwaty 304 at güýjüne we 400 Nm çenli ýokarlanýan 1,6 litr göwrümli üç silindrli turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji mehaniki ýa-da awtomatiki geçiriş bilen işläp biler, ähli tekerleri hereketli.
GRMN-iň şuňa meňzeş modifikasiýasy has ykjam GR Yaris modeli üçin eýýäm öndürilýär. Onda adaty hereketlendiriji saklanyp galdy, ýöne kuzowyny güýçlendirdiler, transmissiýasyny we podweskasyny üýtgetdiler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......