El Nacional: 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň ýygyndysyna Zidan ýolbaşçylyk eder

  • 15.09.2025 11:23
  • 10k+

Fransiýanyň Futbol federasiýasy Zinedin Zidan bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Zidan Didýe Deşamyň ýerine geler diýip, El Nacional gazeti habar berýär.

56 ýaşly Deşam öňümizdäki dünýä çempionatyndan soň işinden aýryljakdygyny mälim edipdi. Ol milli ýygyndy toparyna 2012-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylyň Milletler ligasynda ýeňiji boldy, Ýewro-2016-nyň we DÇ-2022-niň finalynda oýnady.
53 ýaşly Zidan 2021-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda “Realyň” baş tälimçisi wezipesinden aýrylandan soň işsiz galýar. Ol “Reala” iki gezek ýolbaşçylyk etdi (2016–2018, 2019–2021). Onuň ýolbaşçylygynda “Real” üç gezek Çempionlar ligasyny, şeýle hem Ispaniýanyň çempionatynyň, UEFA-nyň Super kubogynyň, Ispaniýanyň Super kubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň hersinde iki gezekden ýeňiş gazandy.
Abraýly L'Équipe gazeti Zidanyň Deşamyň ornuny tutmaga taýýardygyny ozal habar beripdi. Neşir Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ady rowaýata öwrülen tälimçisiniň  Ligue 1-e yzygiderli tomaşa edýändigini, Ýewropa kuboklaryny we milli ýygyndynyň oýnuny yzarlaýandygyny belleýär.


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......