FIFA milli ýygyndylaryň sentýabr we oktýabr arakesmelerini bir 16 günlük arakesmä birleşdirer

  • 14.09.2025 15:36
  • 4.1k+

2026-njy ýyldan Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli toparlaryň oýunlary üçin sentýabr we oktýabr arakesmelerini birleşdirer. Ol umumylykda 16 gün dowam eder. Noýabrdaky halkara arakesme üýtgewsiz galar diýip, El Desmarque habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ilkinji birleşdirilen arakesme 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabryndan 6-njy oktýabryna çenli bolar. Bu döwürde her ýygyndy adaty iki oýnuň deregine dört oýun oýnap biler.
Noýabrdaky halkara arakesme 2026-njy ýylyň 9-yndan 17-sine çenli bolar we onuň dowamynda ýygyndylar iki oýun geçirer.
Bellenilişi ýaly, birleşdirilen arakesmäniň şeýle görnüşi FIFA-nyň geljek bäş ýyl üçin meýilnamalaryna girizildi. 


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......