Türkmen karateçileri Hytaýda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar

  • 13.09.2025 18:02
  • 6.7k+

Türkmenistanly karateçiler 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen 23-nji Aziýa çempionatynda iki sany bürünç medal gazandylar. Ýaryş Hytaýyň Guandun welaýatynyň şäher etrabynda geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) we Aziýanyň karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 döwletiň 498 türgeni gatnaşdy. Şolaryň arasynda Türkmenistandan 8 türgen bar.
Ilkinji bürünç medaly 16–17 ýaşly ýaşlaryň arasynda 55 kg agramda kumite boýunça çykyş eden Gurbannazar Amandurdyýew gazandy. Ikinji medaly bolsa 21 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda 60 kg agramda kumite boýunça çykyş eden Garamämmet Garamämmedow getirdi.

Iki türgen hem milli ýygyndynyň baş tälimçisi, gara guşagyň 5-nji danynyň eýesi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
WKF (World Karate Federation) yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....