Türkmen türgenleri Gresiýada geçirilýän jiu-jitsu boýunça çempionatda 8 altyn medal gazandylar

  • 13.09.2025 17:21
  • 6.8k+

Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysy 11–14-nji sentýabr aralygynda Afinada geçirilýän 20-nji Balkan açyk çempionatynda uly üstünlik gazandylar. Ilkinji iki bäsleşik gününde milli ýygyndymyz 21 medal – 8 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldy.

Birnäçe türgen birbada birnäçe ýeňiş bilen tapawutlandy. Jelilmuhammet Hojamyradow 94 kilograma çenli agramda «ne waza» we «no gi» boýunça ýeňiş gazanyp, iki gezek çempion boldy. Hurma Abdyýewa 52 kilograma çenli agramda «ne waza» we «no gi» boýunça altyn medal aldy, şeýle hem «fighting» boýunça bürünç we 57 kg agramda ýene bir bürünç medaly gazandy.
Beýleki ýeňijileriň arasynda:

  • Guwrat Esenow (69 kg-da altyn, «no gi fighting-de» bürünç),
  • Begli Saparow («ne waza» 69 kg-da altyn, «no gi-de» bürünç),
  • Suray Gökgaýewa («ne waza» 57 kg-da altyn).

Kümüş medal gazananlar:

  • Rahmet Taganow («ne waza» 77 kg we «no gi» 69 kg),
  • Parahat Rahmanow («no gi» 62 kg),
  • Aýnur Gullyýewa (52 kg agramda «ne waza» we «no gi»).

Bürünç medalçylaryň hatarynda 62 kg agramda üç ugurda çykyş eden Baýram Röwşenow hem bar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....