NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer

  • 11.09.2025 21:21
  • 6.6k+

NASA Marsyň barlag bazasyny simulýasiýa edýän gurşawda adamlary izolirlemek boýunça tejribeleriniň ikinji tapgyryny geçirer. 19-njy oktýabrda dört meýletinçi Hýustonyň Jonson adyndaky Kosmos merkeziniň Mars Dune Alpha barlaghanasyna ugrar.

Laboratoriýanyň meýdany 158 inedördül metr. Olaryň missiýasy 378 gün dowam edip, 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda tamamlanar.
Simulýatorda tutuş ýaşaýyş gurşawy ilkinji adamlar üçin Marsda baza döretmek meýilnamasyna meňzeş edilip 3D görnüşinde çap edildi. CHAPEA (Crew Health and Performance Exploration Analog) maksatnamasynyň çäginde geçiriljek tejribäniň maksady Marsyňky ýaly şertlerde adamyň saglygyna we iş ukybyna täsir edýän faktorlara baha bermekden ybaratdyr. Ekipaž resurs çäklendirmeleri, enjamlaryň näsazlygynyň ýüze çykmagy, aragatnaşygyň gijikdirilmegi, izolýasiýa we beýleki dartgynly ýagdaýa salýan faktorlar bilen ýüzbe-ýüz bolar.
CHAPEA taslamasynyň baş barlagçysy Greýs Duglas modelirlemäniň çäklendirmeleriň we uzak möhletli uçuşlaryň ekipažyň saglygyna we iş ukybyna edýän täsirine düşünmek üçin kognitiw we fiziki häsiýetnamalar baradaky maglumatlary ýygnajakdygyny aýtdy, bu bolsa NASA-nyň Marsa adam tarapyndan dolandyrylýan missiýasyny üstünlikli ugratmak barada karara gelmegine kömek eder.
Bu eýýäm ikinji bir ýyllyk missiýadyr: öňki tejribe 2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda tamamlandy. Alnan maglumatlar uzak möhletli, adam tarapyndan dolandyrylýan ekspedisiýalar üçin howpsuzlyk protokollaryny we tekliplerini döretmekde ulanylýar we HKS-e uçuşlardan toplanan maglumatlaryň üstüni doldurar.
Täze tejribä Ross Elder, Ellen Ellis, Metýu Montgomeri we Jeýms Spaýser dagy gatnaşýar. Olaryň ornuny Emili Phillips bilen Lora Mari çalşar.
Elder synagçy pilot we inžener hasaplanýar; Ellisiň lukmançylyk tejribesi bar we kosmos razwedkasy we uçuş ulgamlary pudagynda inženerçilik bilen meşgullanýar; Montgomeri - elektrotehnika boýunça inžener; Spaýser bolsa telekommunikasiýa tehnologiýalary ugrundan inžener.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......