Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Maýnz şäherine baryp gördi

  • 11.09.2025 20:36
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Reýnland-Pfalz federal sebitiniň paýtagty Maýnz şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Konsul saparyň barşynda sebitiň esasy wekilleri, şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitleýin söwda-senagat edaralary we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, biotehnologiýa, şeýle hem maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýa ýaly geljegi uly ugurlara aýratyn üns berildi.
Türkmenistan bilen Reýnland-Pfalzyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellendi. German tarapyna Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumatlar berildi. Ikitaraplaýyn saparlary we ýakyn wagtda bilelikdäki işewürlik çärelerini guramakda özara gyzyklanma beýan edildi. Hususan-da, takmynan 42,000 agza-kärhanany birleşdirýän Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň işewür toparlary bilen iş gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Reýnland-Pfalz ýurduň günbatarynda ýerleşýän Germaniýanyň esasy federal ýerlerini biridir. 4,2 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit ösen senagaty, himiýa pudagy we derman senagaty bilen tanalýar. “BASF SE” himiýa konserni we “Boehringer Ingelheim GmbH” derman kärhanasy, şeýle hem “BioNTech” innowasion kompaniýasy ýaly dünýä derejesindäki ägirtleriň ştab-kwartirasy şu ýerde ýerleşýär. Fransiýa, Lýuksemburga we Belgiýa ýakynlygy ony Ýewropanyň möhüm ulag we logistika merkezine öwürýär.


şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....