“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy

  • 11.09.2025 19:53
  • 7.9k+

TRAPPIST-1 ýyldyz ulgamyna girýän TRAPPIST-1e ekzoplanetasynda ýaşaýyş üçin laýyk gelýän şertler bolup biler. Bu barada “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan alnan täze maglumatlara salgylanyp, NewScientist neşiri habar berýär.

Gözlegler planetanyň azota baý we Ýeriňkä meňzeş atmosferasynyň bolup biljekdigini görkezdi. TRAPPIST-1 ulgamy Ýerden, takmynan, 40 ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýär we azyndan ýedi planetadan ybarat. Şolaryň arasynda üçüsi aýratyn gyzyklanma döredýär – olar suwuň suwuk görnüşde bolup biljek zolagynda ýerleşýär.
Sent-Endrýus uniwersitetinden alym Raýan Makdonald ozal bu zolakdan iki planetanyň seljermesiniň atmosfera alamatlaryny görkezmändigini belledi. Ýöne onuň merkezinde ýerleşýän TRAPPIST-1e has umytlandyryjy aýratynlyklary görkezýär.
Onuň aýtmagyna görä, eger azot atmosferasynyň barlygy tassyklansa, indiki tapgyr gaz gözlemek we planetanyň üstündäki temperatura baha bermek bolar. Bu hem ol ýerde suwuk suwuň bolup biljekdigine ýa-da ýokdugyna düşünmäge mümkinçilik berer – bu faktor onuň ýaşaýyş üçin ýaramlylyk ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
Gözleg usulyýeti planetanyň öz ýyldyzynyň öňünden geçende ýagtylygyň üýtgemegine syn etmeklige esaslanýar. Şeýle çemeleşme atmosferanyň himiki düzümini kesgitlemäge we ýaşaýşy goldap biljek elementleri ýüze çykarmaga kömek edýär. Alymlar gutarnykly netije üçin goşmaça gözegçilikleriň zerurdygyny belledi. 


düýn 19:32
1.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......