Warşawanyň metrosynda ýolagçylaryň smartfondan ünsüni sowmak üçin kitaphana açyldy

  • 11.09.2025 10:16
  • 6.3k+

Warşawadaky Kondratowicza metrosynyň täze stansiýasynda Metroteka ady bilen ekspress-kitaphana açyldy. Onuň maksady ýolagçylary smartfonlaryň deregine kitap bilen wagt geçirmäge oýarmakdan ybarat diýip, The Guardian habar berýär.

Meýdany 150 inedördül metr bolan kitaphanada 16 müň töweregi kitap bar. Ulanyjylar kitaplary galtaşyksyz çipler bilen öz-özüňe hyzmat ediş awtomaty arkaly alyp, olary ýerinde ýa-da gije-gündiz işleýän köçe awtomaty arkaly yzyna gaýtaryp bilýär.
Metroteka okamak üçin iki zolak – ulular we çagalar üçin ýer hem-de köpçülikleýin okaýyş we çäreler üçin meýdança hödürleýär. Umumy zolak myhmanlaryň okap, işläp bilmegi üçin Wi-Fi we rozetka bilen enjamlaşdyryldy.


Kitaphananyň interýerini otly dik baglyk we güller bezeýär. Gidroponiki diwar tebigy ýagtylyk we toprak bolmazdan işleýär.
Kitaphananyň ilkinji iş güni okyjylar 400-den gowrak kitap aldy, olar, esasan, mekdep eserleri, ýol görkeziji kitapçalar we gollanmalardy.
Polşanyň Milli kitaphanasynyň pikir soraşmasyna görä, 2024-nji ýylda polýaklaryň diňe 41%-i iň bolmanda bir kitap okandy. Bu görkeziji 1990-njy ýyllaryň ahyryndakydan we 2000-nji ýyllaryň başyndakydan pesdir. Bu döwürlerde görkeziji 50%-den geçýärdi. Şol bir wagtyň özünde, Polşanyň görkezijileri Günorta Ýewropadakydan ýokary, ýöne Demirgazyk Ýewropa ýurtlary we goňşy Çehiýa bilen deňeşdirilende pesdir.


09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

25.05.2026 10:30
4.4k+

Polşada rekord gatnaşyjylar bilen daýwing-küşt boýunça dünýä çempionaty geçirildi

Polşanyň Tarnowo-Podgurne şäherinde daýwing-küşt (suwasty küşt) boýunça dünýä çempionaty geçirilip, ol sportuň bu görnüşiniň taryhynda iň uly ýaryş boldy. Ýaryşa jemi 62 küştçi gatnaşdy....

28.04.2026 08:00
5.5k+

Polşaly bloger onkologik keselli çagalar üçin 60 million ýewro ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

Polşaly 23 ýaşly bloger Patrik Garkowski (internetdäki ady Łatwogang) onkologik keselli çagalara kömek etmek üçin geçirilen onlaýn haýyr-sahawat çäresinde Ginnesiň rekordyny goýdy. Dokuz günläp dynuwsyz dowam......

31.03.2026 11:02
9.8k+

Italiýadan Polşa barýan ýolda 12 tonna «KitKat» şokolady ogurlandy

Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan......