Microsoft tötänden Surface-iň mahabatynda iPad-i mahabatlandyrdy

  • 11.09.2025 06:26
  • 2.4k+

Microsoft korporasiýasy öz noutbuklarynyň mahabatynda ýalňyşlyk bilen Apple-iň önümini ulandy. Muňa Windows Central neşiri üns berdi.

Geçen dynç güni Microsoft Surface noutbuk hatarynyň X sosial torundaky hasabynda Surface Pro enjamynyň mahabat şekili peýda boldy. Sosial torlaryň ulanyjylary ekranda iPad planşetleri üçin operasion ulgamy bolan iPadOS-yň interfeýsiniň görkezilendigine üns berdiler.
Žurnalistler suratyň tötänden ýerleşdirilendigini çaklaýarlar. Bu ýazgy aýrylmazdan ozal 24 sagat töweregi elýeterli boldy. Bu postda Surface Pro-nyň “barlaglarda iň oňat kömekçidigi” aýdylýar.
Windows Central-yň awtorlary ýalňyşlygy görkezen ulanyjylaryň teswirlerini ýatda saklady. Olaryň biri, hatda Microsoft-yň işgärleriniň hem Surface kompýuterlerini ulanmaga özlerini mejbur edip bilmeýändiklerini ýazdy. Başga biri, trillion dollarlyk kapitally kompaniýanyň şeýle ýalňyşlyk goýbermegine geň galandygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, beýle säwligi hiç kimiň goýberip bilmejegine kepil ýok. Şeýlelikde, Apple-iň özi iýul aýynyň ahyrynda tötänden Samsung Galaxy Z Flip 7 smartfonyny mahabatlandyrýan wideony çap etdi. Şondan soň, teswirçiler Apple-iň hem hasabyny Samsung-yň hasabyny ýöredýän hünärmenler ýöredýän bolmaly diýip çakladylar. 


19.05.2026 12:17
3.9k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....