BMW Toyota bilen bilelikde döredilen düýbünden täze wodorod hereketlendirijisini görkezdi

  • 05.09.2025 10:41
  • 7.4k+

BMW awtoöndürijisi Toyota bilen bilelikde döredilen üçünji nesil täze wodorod hereketlendirijisiniň suratyny hödürledi. Onuň yzygiderli önümçiligine 2028-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. BMW-niň Mýunhendäki we Ştaýrdaky merkezleri eýýäm ilkinji prototipleri ýygnamaga girişdi.

BMW AG-yň täze ulgamyň döredilmegine gözegçilik edýän dolandyryş geňeşiniň agzasy Ýoahim Post wodorod hereketlendirijisiniň kompaniýanyň portfeline nol zyňyndylary bolan ýene bir ýokary öndürijilikli herekete getiriji ulgamy goşjakdygyny belledi.
Bu awtomobilleriň atmosfera zyýanly gazlar bolmazdan işlejekdigini, ýöne şol bir wagtyň özünde tiz we ygtybarly boljakdygyny aňladýar.
Täze wodorod hereketlendirijisi üçin herekete getiriji ulgamy BMW Group bilen Toyota bilelikde döredýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň arasynda şular bar:

  • ·Ykjamlyk: ýangyç elementleriniň meýdany, takmynan, 25% azaldy, şonuň netijesinde hereketlendiriji öňki nesil bilen deňeşdirilende has ykjam boldy.
  • ·Ýokary integrasiýa: hereketlendiriji dürli awtomobil modellerine aňsatlyk bilen gurnalýar, bu hem wodorody dürli ulaglarda benziniň, dizeliň we elektrigiň deregine ulanmaga mümkinçilik berer.
  • ·Optimizasiýa we netijelilik: ýol ätiýaçlygy we kuwwat artdyryldy, ýangyjyň sarp edilişi ikinji nesil ulgam bilen deňeşdirilende azaldyldy.

Häzirki wagtda prototipler ýygnalýar we synagdan geçirilýär. Olar hem aýratyn, hem bellibir awtomobilleriň düzüminde synalýar. BMW hile, önümçilik mümkinçiliklerine we seriýaly çykarmaga taýýarlyga uly üns berýär. 


düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......