Giorgio Armani moda öýüni esaslandyryjy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy

  • 04.09.2025 19:43
  • 9.4k+

Italiýaly modelýer, Giorgio Armani moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada La Repubblica gazeti habar berýär.

Kompaniýa Instagram sahypasynda onuň öz maşgalasynyň arasynda “rahat ýagdaýda” jan berendigini habar berdi. “Argynsyz, ol özüni kompaniýa, kolleksiýalaryna bagyşlap, ahyrky gününe çenli işledi” – diýip, Armani kompaniýasynda bellenildi.

“Köp ýyllaryň dowamynda Jorjo Armani modadan başlap, durmuşyň dürli taraplaryna ýaýran we döwri özboluşly aýdyňlyk bilen görkezen stili döretdi” – diýip, kompaniýa belläp geçdi.

Modelýer bilen hoşlaşyk Milandaky Teatro Armani-de geçiriler we hemmeler üçin 6 – 7-nji sentýabrda açyk bolar. Armani özüniň isleýşi ýaly diňe ýakynlarynyň gatnaşmagynda jaýlanar.
Armani 1934-nji ýylyň 11-nji iýulynda Milanyň golaýyndaky Pýaçensa şäherinde dünýä indi. Ol Milan uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetinde okap başlady, ýöne ony 1953-nji ýylda taşlap, gulluk borjuny berjaý etmäge gitdi.
Milana gaýdyp gelenden soň, La Rinascente uniwermagynda işe ýerleşdi we tiz wagtdan erkek egin-eşiklerini satyjy boldy. 1960-njy ýyllaryň ortalarynda Nino Cerrutti kompaniýasynda modelýer wezipesini eýeledi.
1974-nji ýylda ilkinji gezek öz ady bilen kolleksiýa hödürledi. 1975-nji ýylda Armaniniň dosty, binagär Serjo Galeotti oňa öz kompaniýasyny açmagy maslahat berdi.
Häzirki günde Giorgio Armani S.p.A. kompaniýasynyň 500-den gowrak dükany we birnäçe brendi bar. Şeýle-de, biznes iki myhmanhanany (Milanda we Dubaýda) we 26 restorany öz içine alýar. Armani “Olimpiýa Milan” basketbol klubuna-da eýeçilik etdi, onuň kompaniýasy bolsa Italiýanyň Olimpiýa we Paralimpiýa ýygyndylary hem-de beýleki sport toparlary üçin egin-eşik döredýär.
Modelýer milliarderdi: Forbes onuň baýlygyny 12 mlrd dollar diýip hasaplaýar. 

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....