Audi geljekki modelleriň nähili boljakdygyny görkezýän täze Concept C-ni hödürledi

  • 04.09.2025 19:31
  • 7.2k+

Audi kompaniýasy Concept C ady bilen täze prototipini hödürledi. Bu, ilkinji nobatda, geljekki modelleriň firma stilini görkezmek üçin döredilen iki orunlyk elektrik rodsterdir. Kompaniýa geljekde bu konseptiň esasynda seriýaly modelleriň çykjakdygyny tassyklady.

Concept C iki bölekden ybarat berk eplenýän üçege eýe boldy we hereketlendirijisi ortada ýerleşýän sportkarlaryň stilinde döredildi. Model uly tigir arkalary we kuzow bilen sazlaşykly birleşýän üçegi bilen tapawutlanýar. Platforma tigir bazasynyň içinde ýerleşdirilen batareýanyň töwereginde guruldy.
Prototipiň dizaýnerlik çözgütleri markanyň adaty sportkarlarynyň aýratynlyklaryny seriýaly awtomobillerde peýda boljak täze elementler bilen utgaşdyrýar. Olaryň arasynda inçe kese faralar we dört segmentden ybarat çyralar, şeýle-de kuzowyň öň böleginiň dik we kese çyzyklary bar.
Salon wintaž äheňi bilen kuzowyň stilinde ýerine ýetirildi. Onda fiziki düwmeler we metal gapy tutarlary ulanyldy. Mediaulgamyň 10,4 dýuýmlyk displeýi eplenýän görnüşde boldy, şonuň üçin suratda ol görünmeýär.
Audi-niň ýolbaşçysy Gernot Dýollner kompaniýanyň geljekde amaly häsiýete eýe bolup bilmejek konseptleri döretmeýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, Concept C geljekki seriýaly modele gönüden-göni yşaratdyr. Bu model ululygy boýunça Audi TT bilen R8-iň aralygyndaky orny eýelär. Onuň peýda boljak wagty entek aýdylmady.


28.01.2026 13:50
2k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...

18.01.2026 23:32
5.1k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...

12.01.2026 16:31
3k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

06.01.2026 23:40
9k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy...