Eýrandaky gaýada kükürt gutusynyň ölçegindäki gadymy ýazgy tapyldy

  • 04.09.2025 19:04
  • 11k+

Eýranda arheologlar, takmynan, 1600 ýyllyk kiçijik gadymy ýazgyny tapdylar. Ýazgynyň ölçegi - ini dört santimetr we boýy ýedi santimetr diýip, Ancientist portaly ýazýar.

Tapyndy taryhçylaryň parslaryň we pars diliniň watany diýip atlandyrýan Fars welaýatynyň paýtagty Marwdeşt şäheriniň golaýyndaky daglyk ýerden tapyldy.
Nyşanlar ýarym millimetr galyňlykdaky uçlak gural bilen oýulyp nagyşlanypdyr. Tekst dokuz setirden ybarat, ýöne şolaryň ikisi çökündi gatlagyň aşagynda galypdyr.
Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu ýazgy 224-nji ýyldan 651-nji ýyla çenli Eýrany dolandyran nesilşalyk bolan Sasanidler döwründe pehlewi we orta pars ýazuwynda ýazylypdyr. Awtoryň Marwdeştiň golaýynda ýerleşýän gadymy Istahr şäheriniň ýaşaýjysy bolmagy ähtimal.
Istahr Sasanidleriň rezidensiýasy we möhüm syýasy hem-de medeni Merkez bolupdyr. Barlagçylar olaryň dolandyran döwrüni pars sungatynyň we binagärliginiň "altyn asyry" diýip atlandyrýarlar. Bişapurdaky, Nakşe-Rostamdaky we Nakşe-Rajabdaky köşkler, ybadathanalar, berkitmeler we gaýa relýefleri şu güne çenli saklanyp galypdyr. Tapylan ýazgy eýýäm gymmatly taryhy mirasa degişli edildi.

"Bu ajaýyp açyş Sasanidler döwründen galan arassa eýran sungatynyň ajaýyp eserlerinden biridir. Medeni miras pudagyndaky şeýle ajaýyp tapyndylar geljekde milliligiň nyşany bolup we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip biler" – diýip, arheolog we taryh ylymlarynyň doktory Abolhassan Atabaki belledi.

Alym barlag geçirdi we teksti terjime etdi. Netijeler ylmy makalada çap ediler.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......