Türkmenistanly mekdep okuwçylary XCEL halkara olimpiadasyna gatnaşyp bilerler

  • 03.09.2025 16:13
  • 5.7k+

3-nji synpdan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda XCEL halkara olimpiadalary yglan edildi. Bu olimpiadalar dünýä derejesinde özüňi tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe gazanmak üçin mümkinçilikdir.

Bäsleşigiň ugurlary:

  • MathXCEL — Matematika, san we logika boýunça özüni synap görmek isleýänler üçin.
  • CogATXCEL — Kognitiw başarnyklar, pikirleniş we intellektual ukyplary ösdürmek üçin.
  • RobotiXCEL — Robototehnika, tehnologiýalara we robot döretmäge höwesli geljekki inženerler we innowatorlar üçin.
  • ArtXCEL — Sungat, döredijilik bilen täze tehnologiýalary utgaşdyrmak isleýän zehinli çagalar üçin.

Täze möwsümiň täzelikleri:

  • RobotiXCEL — emeli aň we robototehnika elementleri girizilen gyzykly täze tabşyryklar.
  • ArtXCEL — giňeldilen tema: indi gatnaşyjylar emeli intellektiň döredijiligi nähili ruhlandyrýandygyny we sungatyň täze eserlerini döretmäge kömek edýändigini öwrenip bilerler.

Geçen möwsümde gatnaşan okuwçylarymyz ýeňişler we medallar bilen yzyna dolandylar. Bu bolsa Türkmenistanyň çagalarynyň zehinlerine dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.
Milli tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň ýanwarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Los Anjelesde geçiriljek halkara finalyna gatnaşmak üçin mümkinçilik alarlar.
Onlaýn hasaba alyş eýýäm açyldy!
Web sahypa: xceledu.ai
Instagram: @xceledu.tm
Telefon belgisi: (+99362) 13-55-99


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......