CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

  • 03.09.2025 09:47
  • 14k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.


Birinji ýarymda özbek hüjümçisi Igor Sergeýew 37-nji minutda we ondan ýedi minut soň 11 metrlik jerime urgusyndan Türkmenistanyň derwezesine gollary geçirdi.
Arakesmeden soň oýnuň gidişi üýtgedi: 59-njy minutda Özbegistanyň ýygyndysynyň kapitany Farruh Saýfiew türkmen derwezebany Resul Çaryýewe garşy gödek düzgün bozandygy üçin göni gyzyl duýduryş aldy. Derwezebany çalyşmaly boldy, emma türkmen topary sany boýunça artykmaçlyk gazandy. Milli ýygyndymyz işjeň hüjüm edip, 84-nji minutda Didar Durdyýew 11 metrlik jerime urgusyny gazandy we ony özi üstünlikli ýerine ýetirdi. Oýnuň ahyryna çenli hasap üýtgemedi.


Türkmenistan indiki duşuşygyny 5-nji sentýabrda Omanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Şol gün Özbegistan bolsa Gyrgyzystan bilen duşuşar.

Birinji tapgyrda Türkmenistan Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.
Iki tapgyrdan soň «A» toparçada Özbegistan (4 utuk) öňde barýar, şeýle hem Omanda 4 utuk bar. Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hersinde 1 utukdan bar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......