Internetde Mýunhendäki premýerasyndan öň täze Audi kupesiniň ilkinji suraty peýda boldy

  • 02.09.2025 22:14
  • 4k+

Audi kompaniýasy sentýabrda Mýunhendäki awtosalonda täze konseptual kupesini hödürlemäge taýýarlanýar. Ýöne onuň ilkinji suraty eýýäm möhletinden ir Internetde peýda boldy – ol az wagtlyk brendiň Kanadadaky bölümçesi tarapyndan sosial ulgamlarda ýerleşdirildi.

Suratda awtomobil gapdaldan görkezilýär. Üçegiň liniýasy boýunça konseptiň targa stilinde aýrylýan üstüniň bolup biljekdigini çaklamak bolar. Şeýle-de, inçejik yşyk diodly çyralar, öňe çykýan bamper we uly yzky diffuzor görünýär.
Ozal kompaniýanyň baş direktory Gernot Dýollner TT Moment 2.0 taslamasy barada habar beripdi. Onuň aýtmagyna görä, geljekki model elektrik bolar hem-de TT we R8 ulaglarynyň aýratynlyklaryny utgaşdyrar. Pudak synçylarynyň maglumatlaryna görä, sportkar täze nesil Porsche 718-iň esasynda gurlup bilner.
Bir gün öň Germaniýadaky awtoulag sergisinde Audi tizer çykaryp, markanyň taryhyny ýatlap geçdi: irki TT modellerini we meşhur Auto Union Type C hem D “kümüş oklaryny” görkezdi. 


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...