Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder

  • 02.09.2025 16:30
  • 5.8k+

Ýerde 2-nji sentýabra geçilen gije magnit tupanlary başlady. Olar azyndan bir gün dowam eder diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Hünärmenler günüň dowamynda geomagnit indeksiniň ýokarlanjakdygyny we tupanlaryň G2-G3 derejä ýetjekdigini belleýär. Polýar şöhlelenmeleriniň esasy zolagy Skandinawiýada we Kanadada emele geler.
Häzir geomagnit ýagdaýy ýumşak bolup, ol planetara magnit meýdanynyň tupanlaryň we demirgazyk şöhlelenmeleriniň peýda bolmagyny saklaýan oňyn ugry bilen baglanyşyklydyr. Ýöne günüň ortasynda magnit meýdanynyň ugry üýtgär we ýagdaýy saklajak şertler bolmadyk ýagdaýynda geomagnit tupany G3 derejä ýeter.
Magnit tupanlarynyň derejesi G1-den (gowşak) G5-e çenli (aşa güýçli) üýtgeýär. G3 derejeli tupanlar hem güýçli hasaplanýar we hemralaryň işinde, energetikanyň gorag ulgamynda, radioaragatnaşygynda we nawigasiýada bökdençliklere getirip bilýär.
Tupanlaryň sebäbi Gün alawlamalary we Ýere tarap plazmalaryň zyňylmagy boldy. Bu hadysa RYA-nyň alymlary tarapyndan 31-nji awgusta geçilen gije hasaba alyndy. Bu soňky bir günde Gün maddasynyň ikinji zyňyndysy boldy we ol soňky günlerde Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...