1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabatda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.
Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi.
- Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk,
- Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk,
- Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk,
- Bagtyýarlyk etrabynyň “Ýasmansalyk” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi.
400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.
Täze mekdeplerde amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty we giň okuw otaglary mugallymlardyr çagalaryň ygtyýaryna berildi. Ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda gurnalan multimedia we interaktiw enjamlar dersleri has içgin öwrenmäge ýardam berer.