“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

  • 02.09.2025 13:07
  • 6.7k+

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi.

The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi. Bonuslary we töleg mukdaryny göz öňünde tutanyňda, şertnamanyň bahasy 130 mln funta (150 mln ýewro) ýeter. “Nýukasl” ilki 150 mln funt (173 mln ýewro) almak isläpdi, ýöne Germaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Nik Woltemade bilen şertnama baglaşandan soň, mukdary peseltmäge razy boldy.
Şeýlelikde, Isagyň transferi Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň gymmat we futbol taryhynda üçünji uly transfer boldy. Ondan gymmat diňe Neýmar (222 mln ýewro) we Kilian Mbappe (180 mln ýewro) satyn alyndy – ikisini-de 2017-nji ýylda “Pari Sen-Žermen” satyn aldy.
Şertnama baglaşandan soň, Isak DÇ-2026-nyň Sloweniýa (5-nji sentýabr) we Kosowo (8-nji sentýabr) garşy saýlama oýunlaryna gatnaşmak üçin Şwesiýanyň milli ýygyndysyna gitdi. Şol sebäpli ol “Liwerpulda” 14-nji sentýabrdan ir oýnap bilmez, şol gün klub myhmançylykda “Býornli” bilen duşuşar.
Isagyň satyn alynmagy “Liwerpulyň” tomusky transfer işjeňligini rekord etdi. Transfermarkt-yň maglumatlaryna görä, klub şu tomus 483 mln ýewrodan gowrak sarp etdi – toparlaryň hijisi bir transfer penjiresinde şeýle köp sarp etmändi. Şeýlelikde, “Liwerpul” “Çelsä” degişli bolan rekordy täzeledi – 2023-nji ýylyň tomsunda “Çelsi” täze futbolçylary satyn almak üçin 464 mln ýewro harçlapdy.
Üstesine-de, “Liwerpul” transfer mukdary boýunça APL-iň rekordyny iki gezek täzeledi. Ozal klub “Baýerden” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirtsi 125 mln ýewro satyn aldy.
Isak “Nýukasla” 2022-nji ýylyň tomsunda “Real Sosýedaddan” 70 mln ýewro geçdi. Üç ýylyň dowamynda klub üçin 109 oýna gatnaşyp, 62 gol geçirdi we 11 assist etdi. Onuň “Nýukasl” bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi.
Üç tapgyrdan soň “Liwerpul” dokuz utuk ýygnap we ýakyn bäsdeşi “Çelsiden” iki utuk öňe geçip, APL-iň jedwelinde birinji orny eýeleýär.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......