Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar nähili görnüşde alnyp barlar

  • 02.09.2025 12:19
  • 13k+

1-nji sentýabrda Aşgabatda bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy.

Täze ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Okuwlar, hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri göz öňünde tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem ýardam eder.
Täze bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan bilim ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz isleglerine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim derejesini alarlar. Uniwersitetde okuwlaryň, esasan, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat önümçiligi pudagyndaky meseleleriň öwrenilmegine hem-de oňyn çözülmegine, akademiki bilimiň, tejribäniň utgaşdyrylmagyna, ylym-bilimiň senagat hem-de zähmet bazary bilen arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Açylyş dabarasynyň barşynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.

  • Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy;
  • sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy;
  • “Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow uniwersitetiň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy;
  • “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman uniwersitetde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

düýn 23:01
572

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

düýn 22:58
1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

düýn 13:15
1.7k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

düýn 13:14
921

Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...