7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy

  • 01.09.2025 14:04
  • 5.8k+

Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerim Babaýew Abu-Dabide geçirilen 31-nji Halkara küşt festiwalynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýaryşlar Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilip, ol 83 ýurtdan 3000-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi diýip, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy habar berdi.

Kerim Juniors Under 16 atly bäsleşikde çykyş edip, dürli ýaş toparlarynyň netijeleri aýratynlykda hasaba alyndy. Ol 9 oýundan 5,5 utuk toplap, 32 ýurtdan gelen 293 oýunçynyň arasynda 81-nji orny eýeledi. 8 ýaşdan kiçi toparda bolsa, ol ikinji orny aldy.
Ýaş küştçi tälimçi Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda ýaryşlara taýýarlyk görýär. Küşt Federasiýasynyň belläp geçmegine görä, bu netije diňe Kerimiň şahsy üstünlik bolman, eýsem, Türkmenistanda küşt sportunyň depginli ösýändigini hem görkezýär. Soňky dört ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarynda has işjeň çykyş edip, täze nesil oýunçylary täze üstünliklere ruhlandyrýarlar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....