BYD seriýaly elektrokarlar üçin tizlik rekordyny goýdy: U9 472 km/sag çenli tizligini artdyrdy

  • 31.08.2025 20:29
  • 4.6k+

BYD kompaniýasy dünýäde iň tiz seriýaly elektrik awtomobiliniň döredilendigini habar berdi. Rekord goýan giperkar U9 Track Edition diýlip atlandyrylýar we Yangwang kompaniýasy (BYD-yň lýuks subbrendi) tarapyndan işlenip taýýarlandy. Bu wersiýa ýaryşlar üçin niýetlenip, Yangwang U9 raýat modeline esaslanýar.

Synaglaryň dowamynda awtomobil 472,41 km/sag çenli (sagatda 300 mil) tizligini artdyrdy. Deňeşdirmek üçin, öňki rekordlar 438,7 km/sag çenli tizligini artdyran Rimac Nevera we Owl SP600 elektrik awtomobillerine degişlidi. Synaglar Germaniýada geçirildi, ruluň başynda bolsa germaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Mark Basseng oturdy. Awtomobil sürüji öwrümden öň tormozy basmazdan ozal iň ýokary tizlige ýetdi.
U9 Track Edition umumy kuwwaty 2220 kWt bolan dört elektrik hereketlendirijisi bilen täze 1200 woltlyk BYD arhitekturasy bilen üpjün edildi. Kuwwat 3000 at güýjüne deňdir. U9-yň raýat wersiýasy 1288 at güýjüni berýän platforma eýe boldy we bahasy 235 000 dollara barabar.
BYD-yň maglumatlaryna görä, ýaryş wersiýasynyň kuwwat-agram gatnaşygy tonna üçin 1217 at güýjüne barabar – bu häzirki seriýaly çykýan elektromobilleriň arasynda iň gowy görkezijidir.
Resmi taýdan elektromobilleriň arasynda dünýä rekordy Venturi Buckeye Bullet 3 taslamasyna degişlidir: 2016-njy ýylyň sentýabrynda Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň elektromobili iki ugur boýunça ölçenende ortaça 549,4 km/sag iň ýokary tizligi görkezdi.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......