Starlink eýýäm 150 ýurtda işleýär, oňa 7 milliondan gowrak ulanyjy birikdi

  • 31.08.2025 20:25
  • 6.1k+

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra internet ulgamy taryhy görkezijä ýetdi – ol 7 milliondan gowrak ulanyjyny birikdirip, 150 ýurdy we sebiti gurşap aldy.

Ulgam 200 Mbit/s çenli tizligi we gijikdirmeleriň pes bolmagyny üpjün edýär, bu bolsa kabel ýa-da optiki süýüm birleşmesiniň elýeterli däl ýa-da has gymmat bolan sebitlerinde internete birikmäge mümkinçilik berýär.
Starlink pes orbitada 8 000 hemradan ybarat toplum arkaly işleýär. Olar durnukly hereket edip, uzakdaky sebitleriň ýaşaýjylaryna şäherler bilen deň derejede internete elýeterli bolmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki günde Starlink interneti ABŞ-da, Kanadada, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde, Awstraliýada we Saharadan günortadaky Afrika döwletleriniň birnäçesinde elýeterli. Kompaniýa geografiýanyň giňelmegini dowam etdirjekdigini belleýär.
Internet ulgamynyň ösmegine önümçilik depgininiň ýokary bolmagy ýardam edýär. SpaceX her hepde 70 töweregi hemra çykarýar, bu bolsa ýylda 3 500-den gowrak enjama deňdir. Bu toplumyň üstüni ýetirip durmaga we global internet üpjünçiligini saklamaga mümkinçilik berýär. 


15.09.2025 15:50
6.4k+

Bütin dünýäde Starlink işlemegini bes etdi

15-nji sentýabrda irden Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan Starlink hemra aragatnaşyk ulgamy işlemegini bes etdi. Bu belli internet çeşmeleriniň işindäki bökdençlikleri yzarlaýan Downdetector hyzmatynyň maglumatlaryndan gelip çykýar...

14.09.2025 20:25
6k+

Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy

SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy...

25.06.2025 11:59
7.4k+

SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy

23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy...

12.05.2025 07:12
5k+

«Dünýäni üýtgetjek» Starlink Mini üçin 40 dollarlyk kiçijik router çykaryldy

SpaceX kompaniýasy ABŞ-da 40 dollarlyk kiçi ölçegli Starlink Router Mini-niň satuwyna başlady. Bu enjam internede birikmäniň hilini ýokarlandyrmak üçin döredildi, şeýle-de öý şertlerinde Wi-Fi zolagynyň giňeldilmegine mümkinçilik berýär...