2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

  • 31.08.2025 08:54
  • 6.4k+

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar.

Awtoulaglar BMW-niň korporatiw stilini saklap galdy, ýöne kuzowy täze: Brooklyn Gray, Starry Blue we Flame Red reňklerini aldy. X1 sDrive20Li-iň esasy wersiýasy üçin X Dizaýn bukjasy önümçilikden aýryldy. X1 xDrive25Li we iX1 xDrive30L modelleri üçin M Sport bukjasy gara ýalpyldawuk bezeg elementli M Sport Night-a çenli täzelendi. Beýleki bezeg derejelerinde kümüşsöw bezeg saklandy.
Salonda 10,25 dýuýmlyk sanly gural paneli we 10,7 dýuýmlyk merkezi displeý peýda boldy. Yzky ýolagçylar üçin howa geçirijisiniň aşagyna USB porty goşuldy we proýeksiýa displeýi gurlanda olar iki bolýar. Harman Kardon ses ulgamynyň materiallary we sport oturgyçlarynyň tikinleri täzelendi.
BMW X1 kuwwaty 167 kWt (224 at güýji) we torky 300 N m bolan 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir we 7 tizlikli geçiriş gutysy bilen işleýär.
Elektrik iX1 iki görnüşde hödürlenýär: kuwwaty 150 kWt (250 N m) we diapazony 510 km ýa-da umumy güýji 230 kWt (494 N m) we ýöreýiş ätiýaçlygy 450 km çenli bolan iki hereketlendirijili. Batareýanyň kuwwaty - 66,45 kWt.


01.06.2026 10:57
2.8k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......