Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

  • 31.08.2025 08:52
  • 7.4k+

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär.

Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi.
Indi möhlete düzediş girizilýär. Konserniň wekilleriniň sözlerine görä, çeýe üpjünçilik we önümçilik ulgamy islegiň üýtgemegine çalt uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Rýusselshaýmdaky zawod elektrikli awtoulaglaryň, plug-gibridleriň, gibrid modelleriň we adaty hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiligini kadalaşdyryp biler.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa dekarbonizasiýa maksatlarynyň henizem ileri tutulýandygyny nygtaýar. Şeýle-de bolsa, Opel, bazar talap etse, ýangyç bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiligini saklamagy aradan aýyrmaýar. Öndürijiniň baha bermegine görä, alyjylaryň ulaglaryň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmasy üýtgäp durýar we şonuň üçin strategiýa çeýe bolmaly.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......