Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin sungatyň taryhy boýunça okuw kitaby

  • 30.08.2025 12:33
  • 5.6k+

Türkmenistanda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Umumy sungat taryhy» okuw kitaby neşir edildi. Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hem-de «Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» hünärleri üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Kitap B.Mämmedowyň, Ä.Gubaýewanyň, G.Jumaýewanyň awtordaşlygynda çapdan çykdy.
Okuw kitabynda taryhy ösüşiň dowamyndaky sungatyň birnäçe görnüşleri barada beýan edilýär. Olar biri-birinden şekillendiriş obýektleri, mazmuny, çeper usullary we serişdeleri, täsiri boýunça tapawutlanýarlar. Her görnüşiň aýratynlygy diňe özüne mahsus beýan ediş güýjünde, durmuşyň dürli ýagdaýlarynyň estetiki beýanyny açyşynda ýüze çykýar.
Okuw kitabyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Şeýle hem dünýäni öwrenmäge ýardam edýän daşary ýurt alymlarynyň sungat ylmyna ýakynlaşdyrýan edebiýatlaryndan peýdalanyldy.


düýn 20:41
1.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......