Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar

  • 27.08.2025 15:37
  • 4.8k+

Xiaomi SU7 elektromobiliniň täze görnüşiniň ýol synaglaryna başlady. Nikaplanan nusganyň ilkinji suratlary Hytaýyň Weibo sosial ulgamynda peýda boldy. Car News China-nyň habaryna görä, bu modeliň uzaldylan görnüşi bolup, 2026-njy ýylda SU7 L ady bilen çykarylar.

Öndüriji bu barada entek resmi beýanat bermedi.
Adaty SU7 bilen deňeşdirilende, synagdan geçirilýän ulagyň yzky bölegi has uzaldylan. Awtoulagyň umumy uzynlygynyň 4,997 metrden takmynan 5,2 metre çenli, teker bazasynyň bolsa 80–150 millimetr artyp, 3 metre ýetmegine garaşylýar. Goşmaça giňişlik ýolagçylaryň yzky oturgyçlarynda has amatly oturmagy üçin ulanylar.

SU7 L sport häsiýetli adaty SU7-den tapawutlylykda, köp babatda rahat sedan hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýolagçylar üçin has amatly oturgyçlar, multimediýa ekranlar we kiçiräk holodilnik bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Asma ulgamy bolsa ýöreýiş rahatlygy bilen dolandyryşyň arasyndaky deňagramlylygy saklamak üçin täzeden sazlanar.
Hytaýly analitikleriň çaklamasyna görä, SU7 L-iň bahasy 400 müň ýuandan (takmynan 55,8 müň dollar) ýokary bolup biler. Bu bolsa ýerli bazardaky bäsdeşlerinden ep-esli gymmatdyr. Mysal üçin, doly geçirijili BYD Han L Flagship 279 800 ýuandan (39 müň dollar) başlanýar. Häzirki wagtda bolsa adaty SU7-niň başlangyç bahasy 215 900 ýuandan (30 müň dollardan sähel ýokary).


düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......