Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy

  • 26.08.2025 13:26
  • 5.7k+

Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy. Istiorachis macarthurae adyny alan bu jandarlar 120 mln ýyldan gowrak ozal Angliýanyň günorta kenaryndan uzak bolmadyk ýerde ýaşapdyr diýip, Londondaky Tebigy taryh muzeýine salgylanyp, CNN habar berýär.

Dinozawrlaryň süňkleri Uaýt adasynda tapyldy. Istiorachis macarthurae ol ýerde başga bir iguanodon garyndaşlary – giçki ýura eýýamyndan irki hek döwrüne çenli ýaşan ot iýýän dinozawrlar bilen bilelikde ýaşapdyr.
Alymlar entek dinozawryň arkasynda nädip ýelken şekiliniň emele gelendigini takyk bilenok. Ýöne ol, tawus guşlarynyň guýruklaryny ulanyşy ýaly, jübütleşmek üçin taý tapmaga we garyndaşlaryny tanamaga kömek edendir diýlip çaklanylýar.
Dinozawryň boýy iki metr töweregi, agramy 1000 kg bolupdyr.
Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Jeremi Lokwudyň aýtmagyna görä, Uaýt adasynda iguanodonlaryň täze wekiliniň açyşy sebitiň irki hek döwründe örän köpdürli bolandygyny görkezýär.
Alym ýakyn ýyllarda täze açyşlaryň boljakdygyny belleýär.


düýn 17:37
1.9k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......