Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

  • 25.08.2025 07:38
  • 5.2k+

23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahat 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Bilim ministrliginiň, ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleriniň degişli orunbasarlary, Baş bilim müdirlikleriniň hem-de etrap bilim bölümleriniň başlyklary, professor-mugallymlar, hünärmenler gatnaşdylar.
Gün tertibine girizilen meseleler boýunça milli we öňdebaryjy tejribelere, halkara standartlara görä, täze okuw ýylynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek, maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar boýunça işleri guramaçylykly alyp barmak bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sanly bilimi ösdürmek, ýaş nesliň ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak, halkara bilim bäsleşiklerini, ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmek, ýaşlary ylmy döredijilige, hünärlere ugrukdyrmak ýaly gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alşyldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününe guramaçylykly taýýarlyk görmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem üns merkezindäki meseleleriň hatarynda boldy.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......