Döwlet departamenti ABŞ-nyň wizasy bolan 55 mln adamy düzgün bozma barlagyndan geçirer

  • 22.08.2025 19:06
  • 14k+

21-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamenti amerikan wizalary bolan 55 milliondan gowrak daşary ýurtlynyň migrasiýa kanunyň düzgünlerini bozup bilendigini ýa-da ýokdugyny barlar. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär.

Edara ABŞ-nyň wiza eýeleriniň düzgünleri berjaý edişini “yzygiderli” barlaýandygyny belledi. Hususan-da, adamyň wiza boýunça galmak möhletini geçirmändigine seredilýär hem-de onuň jenaýat işi ýa-da terrorçylyk bilen baglanyşygynyň bardygy ýa-da ýokdugy anyklanýar. Düzgün bozma ýüze çykarylan ýagdaýynda wiza ýatyrylýar, eger daşary ýurtly ABŞ-da bolsa, ol deport edilýär.
Döwlet departamentiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwarynda Prezident Donald Tramp wezipä girişenden bäri güýji ýatyrylan wizalaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden iki esse köp boldy. Aýratynam, talyp wizalaryny ýatyrmagyň sany dört esse artdy.
Ozal awgustda edara alty müňden gowrak talyp wizasynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Onuň sebäbi ýurtda galmagyň möhletiniň gutarmagy, şeýle-de serhoş görnüşde ulag dolandyrmak ýaly dürli düzgün bozmalar boldy.


şu gün 16:40
333

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
4.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......