Windows 11-e işleýiş näsazlygyndan awtomatik gorag goşuldy

  • 20.08.2025 14:22
  • 1.6k+

Microsoft korporasiýasy KB5063878 belgisi bilen Windows 11-iň hökmany täzelenmesini çykardy. Windows Latest-iň habar bermegine görä, onuň esasy täzeligi Windows işe girizilen wagty näsazlyk ýüze çykan halatynda ulgamy dikeltmek üçin niýetlenen Quick Machine Recovery funksiýasy boldy.

Eger täzelenme ýa-da programma gurnalandan soň kompýuter işlemän, ýalňyşlyk ekranynda (BSOD) ýa-da menýuda doňýan bolsa, täze funksiýa maglumatlary ýitirmezden, Windows-yň işe ukyplylygyny dikeltmäge mümkinçilik berer. Quick Machine Recovery ulgamy awtomatik taýdan täzeden işe girizip, operasion ulgamy gaýtadan gurnamak ýa-da ätiýaçlykdaky nusgany ulanmak zerurlygy bolmazdan ony dikeldýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, bu funksiýa Microsoft-yň ýakynda üçünji tarap programmalary sebäpli bolup geçen köpçülikleýin näsazlyga jogaby boldy. Ol Windows 11-iň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Dikeldiş ulanyjy faýllaryny we sazlamalary bozmazdan, gönüden-göni kompýuteriň özünde ýerine ýetirilýär.
KB5063878 täzelenmesi eýýäm Windows Update arkaly ýaýradylýar we awtomatik usulda gurnalýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...