Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika

  • 20.08.2025 08:48
  • 14k+

Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar.

Awtomobil öndürijileriniň halkara guramasynyň (OICA) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografika önümçiligiň ýurtlar boýunça paýlanyşyny görkezýär.
Hytaý 31,3 milliondan gowrak awtomobil çykardy, bu bolsa ABŞ bilen Ýaponiýanyň umumy görkezijisinden hem ýokarydyr. Şeýle netije içerki islegiň ýokary bolmagy, elektromobil bazarynyň çalt ösmegi we işjeň eksport bilen baglanyşykly.
ABŞ (10,6 mln) we Ýaponiýa (8,2 mln) iň uly öndürijiler bolup galýar, ýöne iki ýurtda-da önümçilik 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende azaldy.
Önümçilik gurluşy hem tapawutlanýar. Hytaýda önümçiligiň esasy bölegi ýeňil awtomobilleriň (27,5 mln) paýyna düşýär, täjirçilik ulaglaryndan bolsa 3,8 million sanysy çykaryldy. ABŞ-da ýagdaý tersine: 9,1 million täjirçilik ulagy we 1,4 million ýeňil ulag.
Ösüp barýan bazarlaryň ösüşi girdejileriň ýokarlanmagy, sebit söwda şertnamalary we önümçiligiň ýokary çykdajyly ýurtlardan göçürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Meksika, mysal üçin, BMW üçin esasy ýerleriň birine öwrüldi. Awtoöndüriji 2019-njy ýylda San-Luis-Potoside zawod açdy, Tesla hem ol ýerde Gigafactory zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. 


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......