Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar

  • 18.08.2025 19:27
  • 5.4k+

Volkswagen we Xpeng awtoulaglaryň elektron arhitekturasy boýunça bilelikdäki işini giňeltjekdiklerini habar berdiler. Öň ol diňe Hytaý üçin niýetlenen CMP we MEB platformalaryndaky elektrik ulaglary üçin ulanylýardy, indi ony plagin gibridleri we şol ýurtda satylýan benzin hereketlendirijili awtoulaglar üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýalar 2023-nji ýylda hyzmatdaşlyk edip başladylar. 2024-nji ýylda olar China Electronic Architecture-ni (CEA) döretmek barada şertnama baglaşdylar. Arhitekturanyň täze wersiýasy programma üpjünçiliginiň täzelenmesini çaltlaşdyrar, işläp taýýarlamanyň wagtyny azaldar we modelleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.
Volkswagen-iň aýtmagyna görä, bitewi arhitektura gerimli täsiri üpjün eder we özüne düşýän gymmaty peselder, bu bolsa Hytaýyň bäsdeşlik bazarynda has amatly awtoulaglary hödürlemäge mümkinçilik berer. Bilermenler CEA-nyň dürli güýç gurluşlarynda ulanylmagynyň Hytaýda täze awtoulaglaryň segmentine täsir edip, olaryň işleýşini we tehniki derejesini ýokarlandyryp biljekdigini bellediler.


16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......