Hytaý dünýäde iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň gurluşygyna başlady

  • 18.08.2025 19:24
  • 6.3k+

Pekinden 300 km uzaklykda, Içki Mongoliýanyň günortasynda ýerleşýän Ordos şäherinde diňe wodorod bilen işleýän 30 megawatt kuwwatly turbinanyň gurluşygyna başlandy. Ol dünýädäki iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň düzümine girer.

Öz analoglaryndan tapawutlylykda täze turbina tebigy gaz goşulmazdan diňe wodorod ulanar. “Fuel Cell Works” neşiriniň habaryna görä, Taslama ýel we gün öndürmekligi, wodorod saklaýyş ulgamlaryny, elektrolizerleri we ammiak önümçiligini bir toplumda birleşdirer.
Ulgam umumy kuwwaty 500 megawatt bolan ýel turbinalaryny, bäş megawat kuwwatly Gün elektrik stansiýasyny we sagatda 4,3 tonna wodorod öndürjek 240 megawat kuwwatlylygy bolan elektrolizerleri öz içine alýar. Saklamak üçin hersiniň göwrümi 1,875 kub metr bolan 12 sany sferik rezerwuar göz öňünde tutulan. Bu ýerde ýylda 150 müň tonna çenli “ýaşyl” ammiak öndürmek meýilleşdirilýär.
Taslama ýapyk görnüşli "elektrik-wodorod-elektrik" shemasyny durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýär. Ol energiýanyň wodoroda öwrülmegine, ony saklamaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiliginiň pese gaçýan döwürlerinde elektrik öndürmek üçin ulanylmagyna mümkinçilik berer. Bu elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrar we torda bökdençlikleriň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldar.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....