Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri tapawutlandyrmak ukyby bilen Ginnesiň kitabyna girdi

  • 18.08.2025 16:02
  • 3.3k+

Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri çalt tapawutlandyrmak başarnygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 10 reňkden ybarat ýumuşdan 33,5 sekuntda baş çykaryp, guşlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi.

Synag wagtynda Sýaoguýa 10 sany kiçiräk gap we şol bir reňklerdäki 10 top berildi. Ähli predmetler garyşdyryldy we totuguş toplary degişli gaplara salmalydy. Ýumuş 10 meňzeşligiň ählisini mümkin boldugyndan çalt ýerine ýetirmegi talap edýärdi.
Sýaoguý hatda iki ýakyn gülgüne reňki-de tanamagy başardy. Ilkibaşda ol goýy gülgünäni ýiti gülgüne üçin niýetlenen gaba goýup, toplary bulaşdyrdy, ýöne ýalňyşandygyny bilip, ony düzetdi.
Guşuň eýesi Sin Fen Sýaoguýa 2020-nji ýylda heniz guş çagasy wagty duşandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, totuguş ilkibaşdan oýunjaklar, aýratynam, dürli reňkli toplar bilen gyzyklanýardy. Şonda Sin Fen oňa predmetleri reňkler boýunça tertipleşdirmegi öwredip başlady.
Sýaoguý beýleki garyndaşy – ABŞ-dan Apollon atly totuguş bilen umumy dil tapyp bilerdi. Onuň eýeleri Salton we Wiktoriýa Meýsonlar guşa predmetleri tapawutlandyrmagy öwretdi. Ol üç minutda “tomzak”, “kitap” we “jorap” ýaly 12 obýekti dogry kesgitlemegi başardy. 


şu gün 22:32
80

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
983

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......