McLaren ýaryş topary heniz ýok awtomobilleri satýar

  • 18.08.2025 08:42
  • 2.7k+

Meşhur McLaren ýaryş topary üýtgeşik auksion barada yglan etdi: auksiona dürli ýaryşlar – “Formula-1”, Indycar we ulaglaryň çydamlylygy boýunça dünýä çempionaty (WEC) üçin niýetlenen üç ulag çykarylar. Ýöne bir nýuans bar: bu ulaglaryň hiç biri entek taýýar görnüşde ýok.

Auksion 5-nji dekabrda, “Formula-1” möwsüminiň Abu-Dabidäki finalyndan iki gün öň geçiriler. Satuwa 2026-njy ýylyň “Formula-1” awtomobili (onda indiki möwsümde Monakonyň Gran-prisinde Oskar Piastri ýa-da Lando Norris çykyş eder), 2026-njy ýylyň maýynda “Indianapolis-500” ýaryşynda Patrisio O’Uord üçin McLaren Indycar ulagy we 2027-nji ýylda “Le-Manyň 24 sagadynda” görkeziljek WEC awtomobili çykarylar.
Alyjylar taýýar ulagy derrew alyp bilmez. “Formula-1” awtomobili diňe 2028-nji ýylda eýesine gowşurylar. Onuň wagtlaýyn ýerini tutujy hökmünde 2025-nji ýylyň şoukary hödürlener, galan ulaglar çykyşlar tamamlanandan soň berler.
McLaren-iň ýolbaşçysy Zak Braun auksiony awtosport taryhyna goşulmaga mümkinçilik diýip atlandyrdy. Topar Üç täje – bellenilen üç ýaryşda ýeňiş gazanmaga ymtylýar. Ýaryşa gatnaşyjylardan şeýle kolleksiýany diňe Grem Hill (oňa on möwsüm gerek boldy – 1963-nji ýyldan 1972-nji ýyla çenli), toparlardan McLaren (1972-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli wagt sarp edildi) ýygnamagy başardy.
Awtomobilleriň bahalaryny çaklamak kyn, ýöne gürrüň millionlarça dollar barada gidýär. Deňeşdirmek üçin, RM Sotheby’s häzir 1997-nji ýylyň McLaren F1 ulagyny 23 mln dollara hödürleýär. Ýaryş ulaglary, adatça, arzan bolýar: Lýuis Hemiltonyň “Mersedesiň” düzüminde utan ilkinji ýaryşynda ulanan 2013-nji ýylyň Mercedes F1 W04 ulagy 18,8 mln dollara, Mihael Şumaheriň Ferrari F2001 ulagy bolsa 18,17 mln dollara satyldy. Ýaryşlara gatnaşan ulaglaryň arasynda rekordy 50-nji ýyllaryň Mercedes W196-sy saklaýar – 52,52 mln dollar. Ýene bir rekordy 1955-nji ýylyň Mercedes-Benz 300 SLR Uhlenhaut Coupe ulagy goýdy, ol 2022-nji ýylda 142 mln dollara satyldy, ýöne ulag ýaryşlara gatnaşmady.


01.04.2026 14:15
2.8k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...

16.12.2025 18:28
4.3k+

Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr...

27.11.2025 11:13
5.9k+

Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi...