Türkmenistanda soltan Jelaletdin barada täze kitap neşir edildi

  • 16.08.2025 19:07
  • 7.8k+

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Orazpolat Ekäýew bilen Rejep Jommyýewiň «Soltan Jelaletdin Menguberdi» atly kitabyny neşir etdi diýip,  «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ömri watansöýüjiligiň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrülen ägirt şahsyýet soltan Jelaletdin Menguberdiniň geçen şöhratly ýolundan söhbet açýan täze kitap beýan ediliş usuly, taryhy maglumatlary, ylmy häsiýeti bilen okyjyny bada-bat özüne çekýär.
Kitabyň birinji baby «Türkmenleriň Horezmşalar — Anuşteginliler imperiýasynyň soltanlarynyň gysgaça beýany» diýlip atlandyrylýar. Onda tä Jelaletdine çenli imperiýanyň soltanlary hakynda maglumat berilýär.
Ikinji bapda Jelaletdiniň Çingiz hanyň goşunlary bilen alyp baran söweşleri beýan edilýär. Bapdan-baba gyzykly wakalary bilen okyjyny özüne çekýän kitabyň üçünji baby soltan Jelaletdiniň taryhy keşbiniň Muhammet an-Nesewiniň eserinde şöhlelendirilişi hakyndadyr.
Kitabyň dördünji babynda soltan Jelaletdiniň taryhy keşbiniň çeper eserlerde beýan edilişiniň teswiri bar.
Girişden, dört bapdan hem-de netijeden ybarat bu kitabyň üsti bilen okyjylar soltan Jelaletdin hakda köp gyzykly maglumatlary alyp bilerler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......