Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar

  • 16.08.2025 19:04
  • 4.1k+

Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi.

Ýaryşa 12 ýurt Awstraliýa, Wýetnam, Gongkong, Hindistan, Indoneziýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Singapur, Tailand, Türkmenistan we Şri-Lanka gatnaşdy.
Türkmen toparynda iki altyn medaly 13 ýaşly Aly Geldiýew getirdi. Ol ýekelikde duşuşykda Gongkongdan Şiwa Mohany 6:3, 6:1 hasaby bilen ýeňdi we toparlaýyn ýaryşynda Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikde tailandly Denis Khiawraksa / S. Laoamornpaniç jübüdini 7:5, 6:4 hasaby bilen ýeňdi.

Ýene bir altyn 13 ýaşly Aýlara Kakabaýewa gazandy. Ol tailandly P.Daungkhlawy 1:6, 6:1, 3:0 Retd (garşydaşy oýny dowam etdirmekden ýüz öwürdi) hasaby bilen ýeňdi.
Bürünç medaly 9-njy synp okuwçysy Anna Ponýatowa gazandy, ol Gongkongdan Lam Çeukuny 4:1, 3:5, 4:1 hasaby bilen ýeňdi.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......