Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi

  • 16.08.2025 18:15
  • 8.7k+

"AJet" türk awiakompaniýasy uçuş wagtynda kuwwaty 100 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary ulanmagy gadagan etdi. Mundan ozal şeýle çäklendirmeleri Turkish Airlines we Pegasus hem girizipdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Ýolagçylar powerbanklary diňe el ýükünde alyp bilerler, emma uçar gatnawynyň dowamynda olary ulanmak gadagan. Kuwwaty 100 watt-sagatdan 160 watt-sagada çenli bolan daşky batareýalar üçin awiakompaniýanyň rugsady zerur bolar. Kuwwaty 160 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary bolsa diňe ýörite şertler ýerine ýetirilende ýüki bilen alyp geçmek mümkin.
Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bu gadagançylyk baradaky teklibi 29-njy iýunda Günorta Koreýanyň Asiana Airlines kompaniýasynyň uçarynda bolan hadysadan soň awiakompaniýalara maslahat berdi. Şol wagt Stambuldan Seula barýan uçar ýolagçylaryň biriniň powerbankyny oturgyçlaryň arasyna düşürip, ony alyp bilmezligi sebäpli tutuş uçaryň yzyna gaýtmagyna mejbur bolupdy.


17.06.2026 23:58
2.6k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.9k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......